Dostluk şäherçesiniň un kärhanasy bugdaýy doly güýjünde üweýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dostluk şäherçesiniň un kärhanasy bugdaýy doly güýjünde üweýär
Un zawodynda ýokary, 1-nji we 2-nji hilli un bilen bilelikde çörek, bugdaý kepegi, bugdaý ýarmasy, tüwi ýaly önümler öndürilýär.

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde ýerleşýän galla önümleri kärhanasy ýylyň başyndan bäri 2.5 müň tonnadan gowrak un öndürdi.

Kärhanada pul möçberinde alnanda, 28.6 million manatlyk önüm öndürilip, 3.1 million manatlyk artyk iş edildi. Meýilnama boýunça ösüş depgini 112 göterime ýetdi.

Un zawodynda ýokary, 1-nji we 2-nji hilli un bilen bilelikde çörek, bugdaý kepegi, bugdaý ýarmasy, tüwi ýaly önümler hem taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirilýär.

Kärhanada ýokary hilli un almak üçin bäş sany degirmeniň güýjünden peýdalanylýar. Bu ýerde 320-ä golaý işgär zähmet çekýär.

Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde Lebap welaýatynda 350 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygylyp, degişli un zawodlara iberildi.

2022