Gök we miwe ýapmalarynyň 3 müňe golaý gaby taýýarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gök we miwe ýapmalarynyň 3 müňe golaý gaby taýýarlandy
Kärhanalara hususy hojalyklar hem gök we miwe ýapmalaryny taýýarlamaga ýakyndan ýardam edýär.

Miwe şirelerini, şertbetlerini, mürepbelerini we ballaryny taýýarlaýan Lebap welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigi geçen ýyl 2.8 müň şertli gapda önüm taýýarlady.

Kärhanada şol sanda, duzlanan gök-miwe ýapmalary sarp edijilere ýetirilýär. Pul hasabynda alnanda geçen ýyl kärhananyň önümleriniň 6.7 million manatlyga golaýy satyldy.

Lebap welaýat “Miwe” önümçilik birleşiginiň düzüminde Çärjew etrabynda ýerleşýän “Jeýhun” gök we miwe gaplaýyş kärhanasy hem hereket edýär. Bu ýerde 2019-njy ýylda 3.2 million manatlykdan gowrak önüm gaplanyp, ösüş depgini 102 göterime deň boldy.

Kärhanalara hususy hojalyklar hem gök we miwe ýapmalaryny taýýarlamaga ýakyndan ýardam edýär. Hususy hojalyklar buýurmalar esasynda önümleri taýýarlap, oba hojalyk senagat birleşigine ýetirip durýar.

2022