“Mastercard” transmilli maliýe korporasiýasy 2020-nji ýylyň ahyryna çenli sanly ykdysadyýete 500 million adamy çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Afrikanyň “ITWeb” agentligi habar berýär.
“Biz 2020-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýete 500 million adamy çekmegi maksat edinýäris we şu ýyl bu maksada ýetmekçi” diýip, “Mastercard SA”-nyň dolandyryjysy Sýuzan Morel anna güni Durban şäherinde geçirilen “Forbes Woman Africa Leading Women Summit” sammitinde aýtdy.
“Bu maksada ýetmek üçin biz iň ýerlikli işleri, ýagny dünýädäki adamlaryň we jemgyýetleriň durmuşyny gowulandyrmak üçin gurallary, tehnologiýalary, ideýalary, maliýeleşdirmegi, hyzmatdaşlygy we tejribäni ulanýarys” diýip, Morel sözüniň üstüni ýetirdi.
2015-nji ýylda “Mastercard” 2020-nji ýyla çenli ozal maliýe hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýän 500 million adamy özüne çekmek jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şonda transmilli maliýe korporasiýasy 2020-nji ýyla çenli doly maliýe integrasiýasyny gazanmak hususy pudagyň, döwlet edaralaryň we halkara ösüş guramalarynyň işjeň gatnaşmagyny we hyzmatdaşlygyny talap etjekdigini nygtady.
“Mastercard” transmilli maliýe korporasiýasynyň dünýädäki maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen 500-den gowrak maksatnamalary bardyr.
“Mastercard”, Bütindünýä banky, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda pul saklamakda, tölegleri ibermekde we kabul etmekde, mikro kärhanalaryň öňündäki päsgelçilikleri aýyrmakda we sarp edijilere sanly maliýe hyzmatlary hödürlemekde operasiýa hasabyna ýa-da elektron töleg platformasyna girmegi üpjün etmegi öz üstüne aldy.