Bakuda ykdysady gatnaşyklar boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyklary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bakuda ykdysady gatnaşyklar boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyklary maslahatlaşyldy
Bakuda türkmen-azerbaýjan wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde duşuşygy geçirildi. (Surat: “Trend”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Azerbaýjana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen-azerbaýjan wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça söz sözlediler. Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyga hem seredildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurtlaryň ägirt uly senagat we oba hojalyk, döwrebap ulag infrastrukturasynyň bardygyny belledi. Bulary ikitaraplaýyn söwdany güýçlendirmekde, maýa goýumlary çekmekde peýdalanmak gerekdigini bellän türkmen Lideri senagat we hyzmat ugurlarynda, oba senagat toplumlarynda iri göwrümli taslamalaryň amala aşyrylmagyna ünsi çekdi.

Ýurt Baştutany iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşyklary barada hem aýdyp, türkmen işewürleriniň gurluşyk, söwda, hyzmat, syýahatçylyk ugurlarynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirendiklerini belledi. Milli Lider Türkmenistanyň bu ugurlarda azerbaýjan kompaniýalaryň gatnaşmagyny goldajakdygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi üçin türkmen Lideri iki ýurduň paýtagtlarynda Söwda öýüni açmagy teklip etdi hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşini döretmegiň ähmiýeti barada aýdyp geçdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer hem-de ulag-üstaşyr ugurlary boýunça belledi.

2022