“PepsiCo” $3.85 milliarda energiýa içgilerini öndüriji kompaniýany satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“PepsiCo” $3.85 milliarda energiýa içgilerini öndüriji kompaniýany satyn alar
Azyk senagatynyň ägirt kompaniýasynyň mälim etmegine görä, eger düzgünleşdiriji edaralar geleşigi makullasa, ol garaşylyşy ýaly 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlanar.

“PepsiCo” amerikan transmilli azyk kompaniýasy we “Pepsi” esasy kompaniýasy çarşenbe güni Las-Wegasda ýerleşýän “Rockstar” energiýa içgisini öndüriji kompaniýasyny 3.85 milliard amerikan dollaryna satyn almak hakynda şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

“Rockstar Energy” kofeinli içgileriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Olaryň aglabasynda kaloriýa bilen şekeriň mukdary azdyr.

Kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda “PepsiCo”-nyň ýolbaşçysy we ýerine ýetiriji direktory Ramon Laguarta: “Sarp edijiniň talaplaryny kanagatlandyrmak we içgiler üçin funksional giňişlige artýan islegden peýda almak isleýändigimiz sebäpli bu strategik satyn alan öndürijimiz “Rockstar”-yň öndürijiligini ýokarlandyrmakda, şeýle-de “Mauntain Dew” ýaly brendler bilen bir hatarda, giňelmek ukybymyzy açyp görkezmekde “PepsiCo”-nyň mümkinçiliklerini ulanmaga şert döreder” diýip belledi.

Satyn almak şertnamasy “Pepsi” kompaniýasyna köp satylýan peýdaly çaýlardan we şekersiz kofýalardan has köp müşderi çekmäge mümkinçilik berer.

“Pepsi”-niň energiýa içgilerine “Kickstart Mountain Dew” we kompýuter oýunlary boýunça hünärmenlere niýetlenen “GameFuel” girýär. Kompaniýanyň 2009-njy ýylda Demirgazyk Amerikada “Rockstar” bilen baglaşan dilerlik ylalaşygy bardyr.

Azyk senagatynyň ägirt kompaniýasynyň mälim etmegine görä, eger düzgünleşdiriji edaralar geleşigi makullasa, ol garaşylyşy ýaly 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlanar.

“Reportlinker”-e görä, energiýa içgileriniň dünýä bazary 2018-nji ýylda 53.01 milliard amerikan dollary diýlip bahalandyryldy we 2026-njy ýyla çenli onuň 86.01 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar.

2019-njy ýylda “PepsiCo”-nyň arassa girdejisi 67 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Onuň hödürleýän goşmaça önümlerine we içgilerine “Frito-Lay”, “Gatorade”, “Pepsi-Cola”, “Quaker” we “Tropicana” girýär. “PepsiCo” önümleriniň jemi 23 brendden ybaratdyr. Olaryň her biri her ýylda bölekleýin satylanda 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdeji getirýär.

2001-nji ýylda esaslandyrylan “Rockstar” dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda 30-dan gowrak görnüşini öndürýär. Içgiler türgenleriň we aýdymçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. 

2022