“Baýly-Gurluşyk” Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Baýly-Gurluşyk” Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny gurar
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy gurlar.

“Baýly-Gurluşyk” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzer hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gurluşyk işlerine başlamak boýunça Karara gol çekdi.

Ýurduň çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygyna gatnaşan “Baýly-Gurluşyk” täze toplumy Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina eder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.

Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we toplumy 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022