Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow sişenbe güni Er-Riýad şäherinde “Expo 2030 Riyadh” sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory Muhammed bin Garad bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlygy we gatnaşmak baradaky resmi ylalaşyga gol çekmek dabarasy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berýär.
Muhammed bin Garad Türkmenistanyň “Expo 2030 Riyadh” sergisine gatnaşjakdygyny resmi taýdan ilkinji bolup tassyklan ýurtlaryň hataryna goşulandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öňde boljak sergä gatnaşmagyna gyzyklanma bildirdi.
“Expo 2030 Riyadh” Bütindünýä sergisi 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2031-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Saud Arabystanynyň paýtagtynda “Geljegi öňünden görmek” (Foresight for Tomorrow) şygary bilen geçiriler. Bu çäre dürli ugurlarda gazanylan milli üstünlikleri, innowasiýalary we çözgütleri tanyşdyrmak üçin halkara meýdança bolar.
“Expo 2030 Riyadh” sergisiniň resmi internet sahypasynyň maglumatlaryna görä, sergi toplumy 6 million inedördül metrden gowrak meýdany eýelär hem-de bu iri halkara sergä 197 ýurduň we halkara guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.















