Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekdi.
Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda şenbe güni geçen Maksatnamanyň tanyşdyrylyş hem-de gol çekişlik dabarasynda çykyş edenler bu resminamanyň ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak ýaly ugurlarda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini bellediler.
Şeýle hem täze Çarçuwaly maksatnamanyň BMG-niň köp sanly agentlikleriniň onuň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyny göz öňünde tutýandygy bellenildi.
Çäreden soň brifing geçirilip, onda Ýelena Panowa köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmesinde Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çenli çykandygyny belledi.
Panowa “Adamlara gönükdirilen giň gerimli dolandyrmagy pugtalandyrmaga ilkinji derejeli maýa goýumlar berk we rowaç institusional hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny üpjün eder” diýip belledi hem-de bu şertiň, aýratyn-da, baý tebigy serişdeleri bolan ýurtlara uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin esas dörediji bolup durýandygyny nygtady.
Çykyşynda Panowa BMG-niň ulgamynyň maliýe institutlary hem-de ösüş banklary bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmäge we daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjekdigini belledi.
Şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Meredow köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenip, Türkmenistanyň we BMG-niň edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini nygtady we gol çekilen Maksatnamanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ulgamynyň 2025-nji ýyla çenli bilelikdäki hereketleri üçin gollanma boljakdygyny belledi.
Çärelere ýurduň käbir ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.