Bill Geýts kyrk ýyldan gowrak wagt ozal döreden haýyr-sahawat gaznasyna has köp üns bermek üçin “Microsoft” kompaniýasynyň müdiriýetiniň agzalygyndan aýrylýar.
Tanymal işewür, şeýle-de anna güni öz “LinkedIn” sahypasynda milliarder Uoren Baffetiň esaslandyran “Berkshire Hathaway” jemgyýetiniň müdiriýetinden çykýandygyny habar berdi.
“Men global saglygy goraýyş we ösüş, ylym we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça alyp barýan işlerime has köp wagt sarp etmek üçin zähmet çekýän “Microsoft” we “Berkshire Hathaway” kompaniýalaryndan aýrylmak barada karara geldim” diýip, Geýts ýazdy.
Anna güni “Microsoft” tarapyndan ýaýradylan metbugat beýanatyna görä, 64 ýaşyndaky esaslandyryjy işinden aýrylýar, ýöne baş direktor Satýa Nadellanyň we “Microsoft”-yň beýleki ýolbaşçylarynyň tehnologiýa boýunça maslahatçysy bolup galýar.
“Meniň üçin Bill bilen işlemek we birnäçe ýylyň dowamynda ondan köp zatlar öwrenmek uly hormat boldy” diýip, Satýa Nadella beren beýanatynda belleýär. ““Microsoft” Billiň hemişeki tehniki hyjuwlaryndan peýdalanmagyny dowam etdirer. Men Billiň dostlugy üçin minnetdarlyk bildirýärin we ýer ýüzündäki her bir adamyň we guramanyň has köp zatlary başarmak üçin ygtyýarlyklarymyzy ýerine ýetirmekde onuň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.
Soňky ýyllarda Bill Geýts “Microsoft” kompaniýasynyň baş direktorlygyndan ýuwaş-ýuwaşdan çekilmäge başlapdy, 2008-nji ýylda bolsa, bu wezipeden ymykly aýryldy we müdiriýetiň agzalarynyň arasynda galypdy.
Geýts “Microsoft” korporasiýasynyň iň uly hususy paýdary hökmünde galýar. Dekabr aýyndaky ýagdaýa görä, ol 16 milliard amerikan dollary möçberinden ybarat 1.3% paýnama eýedir.
“Bloomberg Billionaire Index”-iň maglumatyna görä, Bill Geýts “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan soň dünýäniň iň baýlarynyň sanawynda 103.6 milliard dollary bilen ikinji orunda durýar. 2008-nji ýyldan başlap, ol Bill we Melinda Geýts fondy arkaly saglyk, senagat we ylym boýunça global haýyr-sahawat işlerini alyp barýar.