Daşoguzda çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, gadymy haly nagyşlaryny gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň merkezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşigine degişli bolan çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Fabrigi Daşoguz “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasy bina edýär.

Gurluşygy alnyp barylýan çeper halyçylyk fabrigi demirgazyk welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilýän 13 sany iri kärhanalaryň biridir. Kärhananyň binalar toplumyna edara binasy, önümçilik sehi, ussahana, ammar we goşmaça hyzmatlar bölümi degişli bolar.

Şu ýylyň dowamynda, mundan başga-da Aşgabat şäherinde, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda çeper halyçylyk kärhanalary gurlup ulanylmaga berler.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar.

Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.