“iPhone” öndürijisi “Apple Inc.” Hytaýda wirus zerarly ýapan 42 dükanynyň ählisini täzeden açandygyny mälim etdi.
“Apple” kompaniýasynyň habar bermegine görä, fewral aýynda ýapan dükanlarynyň ilki 38 sanysyny açdy. Galan dört sany dükan bolsa, geçen anna güni işlemäge başlady.
Tehnologiýa gurallary bilen üpjün edijiler şol bir wagtda hem, Hytaýdaky zawody işe girizdiler.
Şeýle-de “Apple” geçen anna güni Covid-19 sebäpli Hytaýyň daşyndaky ýurtlarda dükanlaryny wagtlaýyn ýapýandygyny habar berdi.
“Apple”-iň baş direktory Tim Kuk kompaniýanyň dükanlary ýapmaga mejbur bolandygyny, sebäbi Hytaýda ýüze çykan wirus wakasyndan sapak alandygyny belledi.
“Bu sapaklaryň biri hem wirusyň ýokaşmak töwekgelçiliginiň öňüni almakdyr, bu bolsa, ýygjamlygy azaltmakdan we uzakdan gatnaşygy köpeltmekden ybaratdyr. Beýleki ýerlerde täze wakanyň sany artýar, biz öz işgärlerimiziň we müşderilerimiziň goragyny amala aşyrmak üçin goşmaça çäreleri geçirýäris” diýip, Tim Kuk beýan etdi.
“Apple” wirusyň ýaýramagynyň dükanlaryň ýapylmagyna we önümçiligiň haýallamagyna getirendigi sebäpli fewral aýynyň ortalarynda mart aýynyň girdejisi garaşylýan görkezijilere gabat gelmejekdigini aýdypdy.