Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçen anna güni “GDA+Dünýä” atly GDA agza döwletleriniň Halkara ykdysady forumy hem-de GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 85-nji mejlisi geçirildi. Bu barada GDA-nyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Bu forum Moskwanyň Halkara söwda merkezinde geçirilip, oňa Arkalaşygyň agza döwletleriniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, bank düzümleriň, syýahatçylyk industriýasynyň, şeýle hem IT pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Geçirilen forum esasy üç ugurda dowam etdi:
- GDA döwletleriniň senagat pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň tor platformasy;
- Maliýe durnuklylygy üpjün etmek we berkitmek;
- Integrirlenmek boýunça innowasiýalar.
Şeýle-de forumyň çäginde “GDA+Dünýä 2020” atly halkara syýahatçylyk kongresi hem geçirildi. Bu kongres dünýäniň alty yklymynyň wekillerini bir ýere toplady.
Kongresiň dowamynda türkmen wekili Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisiniň geňeşçisi Serdar Durdyýew syýahatçylyk başlangyçlarynyň täsiriniň ösýändigini belläp, Merkezi Aziýanyň syýahatçylaryň isleg bildirmeginiň gün-günden artýandygyny aýtdy.
Kongrese gatnaşyjylar syýahatçylygyň aşpezlik, bilim, aýdym-saz görnüşleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky 86-njy mejlisi 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Moskwa şäherinde geçiriler.