Türkmenistanda sement zawodynyň tüssesini we galyndylaryny gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda sement zawodynyň tüssesini we galyndylaryny gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär
Lebap sement zawody

Türkmenistanda sement zawodynyň tüssesini we önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýurduň oba hojalygy üçin zerur bolan serişdeleri öndürmeklik göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şamuhammet Durdylyýew öz hasabatynda häzirki döwürde tutuş Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň jemi 737-siniň gurulýandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi hem-de elektroenergetika senagatynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmelidigini belledi.

Maslahatda, şeýle-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow täze bina ediljek sement zawodyň tüssesini we önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýurduň oba hojalygy üçin zerur bolan serişdeleri öndürmek meselelerini öwrenmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin maglumat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklaryň zerur serişdeler bilen üpjün edilmeginiň bu ministrligiň netijeli işine baglydygyny belläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu pudaga degişli dürli önümleriň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutany kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.