Täze 7-nji tapgyr iň güýçli BMW elektrikli görnüşde bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze 7-nji tapgyr iň güýçli BMW elektrikli görnüşde bolar
BMW AG direktorlar geňeşiniň başlygy elektrik arkaly herekete getirilýän görnüşiň 7-nji tapgyryň arasynda iň güýçlüsi boljakdygyny tassyklady.

BMW öňdebaryjy orny eýeleýän 7-nji tapgyrynyň indiki nesliniň görnüşi elektrikli boljakdygyny resmi taýdan tassyklady.

BMW AG-niň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Oliwer Zipse 7-nji tapgyry Mýunhende çarşenbe güni geçirilen her ýylky metbugat maslahatynda görkezdi.

Zipseniň aýtmagyna görä, 7-nji tapgyryň indiki nesli benzini, dizeli, ýarym garyşyk ýangyjy we doly elektrigi ulanmak esasynda herekete getiriler. Herekete getirijileriň ählisi bitewi gurluşa esaslanar. 7-nji tapgyryň arasynda iň güýçlüsi elektrikde işleýäni bolar.

BMW kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýişi ýaly, brend “saýlamak mümkinçiligi” bilen öz müşderilerine sedanyň birnäçe görnüşini hödürlemegi dowam etdirer.

Zipse: “BMW ulagynyň batareýada işleýän görnüşi 5-nji nesil elektrik transmissiýa bilen üpjün ediler” diýip belledi, emma elektrik ulagyň daşky görnüşi hakynda hiç zady aýdyňlaşdyrmady.

Düzümine MINI we "Rolls-Royce" girýän "BMW Group"-yň berýän maglumatyna görä, elektrik ulaglara bolan sarp edijilik isleginiň 2021-nji ýyla çenli iki esse artmagyna garaşylýar. Kompaniýa 2023-nji ýyla çenli 25 görnüşli elektrik bilen işleýän nusgalary hödürlemegi meýilleşdirýär.

Bu maksada ýetmek üçin BMW 2030-njy ýyla çenli täze awtoulaglarynyň azyndan ýarysynyň elektrik ulaglaryndan ybarat bolmagy ugrunda çalyşýar.

Emma birinji doly elektrik BMW iX3 ulagy Hytaýda öndürilip, şu ýylyň ahyrynda satuwda peýda bolar.