Türkmenistan telematik ulgamly “John Deere” gowaça ekijilerini ulanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan telematik ulgamly “John Deere” gowaça ekijilerini ulanar
Şu ýylyň mart–aprel aýlarynda ýurda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip gowşar.

Türkmenistana ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasyndan telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary gelip gowuşdy.

Şu ýylyň mart–aprel aýlarynda ýurda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip gowşar.

Ýakynda Türkmenistana gelip gowşan sanly telematik ulgam bilen enjamlaşdyrylan “John Deere” traktorlary Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020–2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda 2013–2019-njy ýyllarda satyn alnan “John Deere” we “CLAAS” görnüşli ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary telematik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.

Mundan başga-da, “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen Türkmenistana 600 pagta ýygyjy kombaýnlary getirmek barada täze iri ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň 300-si 2019-njy ýylda gelip gowuşdy, ýene-de 300-si 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsümine çenli gelip gowşar.

“John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman görnüşlerini bankdan karz serişdelerini almagyň hasabyna ýurduň hususy pudagynyň wekilleri hem satyn alyp bilýärler. Şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutany telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi çarşenbe güni başlaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022