Türkmen we owgan Liderleri giňelýän hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we owgan Liderleri giňelýän hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler
Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlary soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gepleşigiň barşynda Owganystanyň Baştutany öz ýurdunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýulýandygyny hem-de türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýdyp, “Şol syýasat sebitde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýar” diýip belledi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy ýaly giň gerimli taslamalaryň gatnaşyklara mysal bolup biljekdigi bellendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça strategik taslamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Türkmen Lideri “Lapis Lazuli” geçelgesini döretmek boýunça täze bilelikdäki taslama hem aýdyň mysal hökmünde görkezdi. “Ol diňe sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge däl-de, eýsem, Merkezi hem-de Günorta Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem ýardam eder”.

Mohammad Aşraf Gani netijeli döredijilik syýasaty hem-de abadan durmuşy gurmakda owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge çemeleşmeleri, başyny başlan iri ulag-aragatnaşyk taslamalary Owganystandaky ýagdaýy asuda kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Telefon söhbetdeşligi owgan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

2022