Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegini goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegini goldaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýalary ösdürmegiň döwlet syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biridigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ulag-kommunikasiýalary ösdürmegiň döwlet syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany “Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär” diýip, mejlisde belläp geçdi. “Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir”.

Maslahatyň dowamynda ulag we kommunikasiýa ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow ulagyň ähli görnüşleriniň, hususan-da, demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak, ýük daşamak boýunça edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendemirýollary” agentliginiň işine ünsi çekip, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de ýurt Baştutany Türkmenistanyň “Lapis Lazuli” halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini işjeň goldaýandygyny belledi. “Bu geçelge Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar deňzi we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder”.

Türkmenistan 2018-nji ýylyň fewralynda 2019–2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy.