Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy boýunça täze düzgünler tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy boýunça täze düzgünler tassyklandy
Türkmenistanda Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak maksady bilen Karara gol çekildi.

Türkmenistanda Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň täze Tertibi, şeýle-de ýurtda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

Tassyklamak baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Mejlisde hasabat beren Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow gol çekilen resminamalaryň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Söwda toplumyna geçirilmegi bilen baglylykda taýýarlanylandygyny we dokma hem-de haly önümlerini daşary bazarlarda işjeň öňe ilerletmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Soňra ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara toparyň döredilendigi bellendi.

Wise-premýer ýurtda heniz ýeterlik öndürilmeýän azyk harytlarynyň içerki bazar üçin zerurlyklary öwrenilip, olary getirmek, ýeterlik gorlaryny döretmek we saklamak hem-de elýeter bahalardan ilata ýetirmek boýunça işleriň utgaşdyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri giňeltmegiň milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny, ählumumy işleri nazara almak bilen, onuň özüne ýeterlik derejesini we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Türkmen Lideri aýdylan teklipleri makullap, agzalan Kararlara gol çekdi. Bu resminamalara içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak, şeýle-de Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak maksady bilen gol çekildi.

2022