Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary serhetýaka ýagdaýlary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary serhetýaka ýagdaýlary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda duşuşdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynyň beýanatyna görä, söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti, şol sanda häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýaýran COVID-19 ýokanç keseliniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýurtlarda görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar epidemiologiki ýagdaýyň, esasan-da serhetýaka sebitlerinde degişli edaralaryň we guramalaryň yzygiderli gözegçilik işlerini alyp barşyny kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle-de, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda pandemiýanyň söwda, ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni we beýleki pudaklarda türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen bilelikdäki işjeň çäreleri dowam etdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň ahyrynda ýurt Baştutanlary bilelikdäki hereketleriň ýüze çykýan ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçjekdigine, dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategiki hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda 19-njy martda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hem taraplar koronawirusyň täsirine garşy durmakda goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini goldadylar.