Türkmenistan ekologiýa bilen bagly halkara resminamalara goşulmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ekologiýa bilen bagly halkara resminamalara goşulmagy meýilleşdirýär
Häzirki döwürde Türkmenistan ekologiýa boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 20-sine gatnaşýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistan agzalan ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýandygyny aýdan baş diplomat Meredow ýurduň köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi.

Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika-Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi we ýurduň ýokarda agzalan köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmagy hakyndaky teklipleri makullap, Daşary işler ministrine bu ugurda yzygiderli iş alyp barmagy tabşyrdy.

 

2022