ABŞ-da koronawirusy çalt ýüze çykarýan enjam ulanylyp başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-da koronawirusy çalt ýüze çykarýan enjam ulanylyp başlanar
Göwrümi toster bilen deňeçer we agramy üç kilograma golaý bu lukmançylyk enjamy göçme ýagdaýda hem ulanmak mümkindir. (Surat: “Abbott Laboratories”)

“Abbott Laboratories” anna güni bäş minutda pozitiw we 13 minutda negatiw netijeleri bermäge ukyply täze “Abbott ID NOW COVID-19” enjamyny ulanyşa girizmek üçin ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri dolandyryş gullugyndan degişli rugsatnama alandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, göwrümi toster bilen deňeçer we agramy üç kilograma golaý bu lukmançylyk enjamy göçme ýagdaýda hem ulanmak mümkindir. Täze enjam lukmanlaryň otaglaryndan başlap, tiz kömek klinikalarynda hem oturdylyp bilner.

“Abbott” kompaniýasynyň çalt anyklaýyş boýunça uly wise-prezidenti Kris Skoggins, kompaniýanyň ABŞ-nyň saglygy goraýyş işgärleriniň her gün 50,000 raýaty COVID-19 barlagyndan geçirmek üçin zerur enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýandygyny, şeýle hem göçme enjamyň raýatlara çalt barlag netijelerini almaga ýardam etmek ukybyny giňeltjekdigini belledi.

Kompaniýa barlag serişdeleriniň 1-nji aprelden başlap elýeterli boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de FDA şu aýda koronawirusy ýüze çykarmak üçin “Abbott m2000 RealTime” ulgamyny tassyklady. “Abbott” kompaniýasy “ID NOW” bilen bilelikde aprel aýynda 5 million töweregi barlag serişdelerini öndürmegi meýilleşdirýär.

“Abbott” kompaniýasynyň aýtmagyna görä, “ID NOW” enjamy COVID-19 barlagyndan başga-da, A we B görnüşli grip keselini, streptokok A we dem alyş sintisial wirusyny (RSV) barlamak üçin ulanylyp bilner.

Şeýle-de bolsa, “Abbott” “ID NOW COVID-19 EUA” barlag enjamynyň FDA tarapyndan tassyklanmandygyny hem-de diňe ygtyýarly barlaghanalar we sagaldyş edaralary tarapyndan ulanylyp bilinjekdigini belleýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, ABŞ-da 100,000-den gowrak koronawirus bilen kesellän adam hasaba alyndy, 1600-den gowrak adam aradan çykdy.

2022