Türkiýe ýük gatnawlary boýunça goşmaça çözgütleriň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe ýük gatnawlary boýunça goşmaça çözgütleriň üstünde işleýär
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda açylan Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi 826 kilometrden ybaratdyr.

Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýol gatnawynda ýük daşalmagynyň kuwwaty zerur bolan ýagdaýynda gündelik 2500 tonnadan 6000 tonna ýetiriler. Bu barada Türkiýäniň söwda ministri Ruhsar Pekjan 27-nji martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen geçiren metbugat ýygnagynda belledi.

Eldegrilmesiz amala aşyrylýan söwda ýollarynyň üstünde alnyp barylýan işler barada habar beren ministr, dünýäde dörän häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, esasan demir ýol ýük gatnawlaryny ulanmaga üns çekdi.

Şeýle-de ministr Pekjan metbugat ýygnagynda Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky Türkgözi, Çyldy-Aktaş we Sarp gümrük geçelgeleriniň mümkinçilikleri artdyrylyp, onuň 24 sagat iş tertibine geçirilendigi barada aýtdy.

23-nji martda Türkiýäniň “Bloomberg HT” agentligi hem COVID-19 sebäpli ýüze çykan ýagdaýlar sebäpli, Türkiýäniň goşmaça çözgüt hökmünde BTK demir ýoly arkaly ýük gatnaw saparlaryny birden ýedä çykarmagyň üstünde işlenýändigini habar beripdi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda açylan Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi 826 kilometrden ybarat bolup, ol Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni birikdirýär.

Türkmenistanyň ýük gatnawlary boýunça taýýarlan wagtlaýyn Düzgünnamasynda hem ýurduň çäginden geçýän halkara multimodal ugurlary netijeli işletmek maksady bilen, deňiz we gury ýer transportlaryny ulanmak arkaly ýükleriň konteýner we demir ýol wagonlary bilen daşalmagynyň maslahat berilýändigi ýazyldy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäginden geçýän “Lapis Lazuli” halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini Türkmenistan işjeň goldaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022