Dünýäniň iri biržalarynda nebitiň bahasy peselýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäniň iri biržalarynda nebitiň bahasy peselýär
“Bank of America”-nyň analitikleriniň çaklamagyna görä, nebitiň “Brent” görnüşiniň 1 barreli üçin nyrhy 2020-nji ýylda $37, 2021-nji ýylda $45 möçberinde saklanar.

Duşenbe güni geçirilen satuwlaryň dowamynda nebitiň “Brent” markasynyň “ICE Futures” London biržasyndaky 1 barrel üçin bahasy 22.02 ABŞ dollaryndan ybarat bolup, onuň bahasy geçen satuwa garanyňda 2.91 ABŞ dollaryna (11.67%) çenli peseldi.

Nebitiň WTI görnüşiniň Nýu-Ýork çig-mal biržasyndaky bahasy 5.86%-e, ýagny 1 barrel üçin bahasy 20.25 ABŞ dollaryna çenli arzanlady.

Şu ýylyň mart aýynyň başyndan bäri nebitiň iki görnüşiniň hem şertnamasynyň bahasy 50%-den gowrak aşaklady.

“Schneider Electric” kompaniýasynyň analitigi Robbi Freýzeriň aýtmagyna görä, nebite bolan isleg we onuň bahasy häzirki wagtdaky ýaly çalt depginde peselmändi. Oňa islegiň azalmagy bolsa, nebit howdanlarynyň dolmagyna getirýär.

“Bank of America”-nyň analitikleriniň çaklamagyna görä, nebitiň “Brent” görnüşiniň 1 barreli üçin nyrhy 2020-nji ýylda 37 ABŞ dollary, 2021-nji ýylda 45 ABŞ dollary möçberinde saklanar. WTI görnüşiniň 1 barreli üçin nyrhynyň 2020-nji ýylda 32 ABŞ dollaryna, 2021-nji ýylda 42 ABŞ dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.

Şeýle hem analitikler dünýäde nebite bolan islegiň peseljegini hem çaklaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde nebite bolan isleg bir gije-gündiziň dowamynda 12 million barrele, bir ýylyň dowamynda bolsa 4.5 million barrele çenli peseler.

“Oilprice.com” saýtynyň ýazmagyna görä, girdejisiz burawlaýyş, global durgunlyk we kapitallara elýeterliligiň peselmegi şu ýyl we indiki ýyl ABŞ-da tebigy gaz önümçiliginiň azalmagyna getirip biler. Bu bolsa, netijede 2021-nji ýylda tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna şert döreder.

2022