Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyna döwrebap çemeleşmegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyna döwrebap çemeleşmegi tabşyrdy
Türkmenistanda obasenagat toplumynyň ösüşiň innowasion ýoly bolan sanly ulgama yzygiderli geçilmegi üpjün ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk pudagynda özgertmeleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumynyň ösüşiň innowasion ýoly bolan sanly ulgama yzygiderli geçmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýew gatnaşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer Orazgeldiýewe käýinç we işde goýberen kemçilikleri üçin Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany ýurtda oba hojalyk pudagyny 2020-2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn ünsi çekip, häzirki tapgyrda bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem türkmen Lideri ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutany öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň we oba hojalyk pudagyny ösdürmekde bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

2022