Dünýädäki ykdysady ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň gurluşyk meýilnamasyna täzeden serediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýädäki ykdysady ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň gurluşyk meýilnamasyna täzeden serediler
Gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy tabşyrdy.

Türkmen Lideri gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada wise-premýere tabşyryk berdi.

“Dünýäde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny dowam etmeli” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýewe köpräk maýa goýumlaryny tapyp, gurluşyk we senagat pudaklaryna çekmek tabşyryldy.

Şeýle-de mejlisiň barşynda ýurt Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki iki sany ýaramaz ýagdaýyň täsir edýändiginden ugur alsaň, ýagny, koronawirus ýokanjyna we gazna bazaryndaky düýpli meselelere, şeýle hem nebitiň we gazyň dünýä bazaryndaky ýagdaýyna garamazdan, bu pudagyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň kanagatlandyrmaýandygyny aýtdy.

“Köp zawodlarda mineral dökünleriň önümçiliginiň pese düşmegi zerur gorlary döretmäge mümkinçilik bermeýär. Ykdysady taýdan çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga we makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge şert döretmeýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

2022