Türkmenistanda salgytlary we bergileri tölemekde ýeňillikler dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda salgytlary we bergileri tölemekde ýeňillikler dörediler
Ikinji tapgyrda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça karz edaralary bilen degişli işleri geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde salgytlary tölemegiň möhletleri gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemegi tabşyrdy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow, şeýle-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Silap Welbegow, Maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Annamuhammedow öz hasabatlary bilen çykyş etdi.

Ýurt Baştutany hasabatlary diňläp, Müşşikowa ykdysadyýetiň ýagdaýyny her gün seljerip durmagyny, şeýle hem, emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmegi tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde, Döwlet býujetine we býujet çykdajylaryna gaýtadan seretmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek barada görkezme berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurtda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek barada görkezme berildi hem-de salgytlary tölemegiň möhletlerine seretmek boýunça tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny aýdyp, ykdysadyýete maýa goýumlaryny köp çekip, bu meseleleriň üstünde tutanýerli işlemegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

2022