Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýramgeldi Öwezowyň hasabatyny diňledi.
Wise-premýer “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleri boýuna alnyp barlan işler boýunça hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini belledi.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutany wise-premýere gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe mümkinçiliklerine jikme-jik seretmegi tabşyrdy.
Türkmen Lideri howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň mümkindigini belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna wise-premýere Gadyrgeldi Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabaty diňlendi.
Türkmenistanyň Prezidenti DIM-iň ýolbaşçysyna dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan yzygiderli habarly bolmagyň möhümdigini, şundan ugur alyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çärelerini geçirmek barada teklipleri bermegi tabşyrdy.
Ýurt Baştutany haýsydyr bir sebäplere görä beýleki ýurtlarda galan raýatlaryň ýüztutmalaryna ünsli sereder ýaly we olara zerur bolan kömegi berer ýaly daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalaryna tabşyryk bermegiň zerurdygyny aýtdy.