Hytaýyň halkara sergisi haryt öndürijileri çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň halkara sergisi haryt öndürijileri çagyrýar
Geçen ýyl CIIE–2019 sergisi ikinji gezek gurnaldy.

Şanhaý şäherinde üçünji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän “Hytaý Halkara Import Eksposy” (CIIE) 2020-nji ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda haryt öndürijileri sergä gatnaşmaga çagyrýar.

Serginiň guramaçylary Hytaýyň Söwda ministrligi we Şanhaýyň halk hökümetidir. Sergä gatnaşanlarda söwda we maýa goýum pudagynda özleriniň gazanan üstünliklerini görkezmäge mümkinçilik dörär diýip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

Her gatnaşyjy ýurda 30,000 inedördül metrden ybarat umumy sergi meýdançasynda söwda we maýa goýum pudagyndaky, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyndaky, şeýle hem senagat we syýahatçylygy ösdürmekde gazanylan üstünlikleriň toplumlaýyn görkezilişi üçin ýer berler.

Sergi ugurlaýyn meýdançalaryň birnäçesini, şol sanda intellektual we ýokary tehnologiýaly enjamlary, durmuşda ulanylýan tehnikalary, egin-eşikleri, aksessuarlary we giňden sarp edilýän harytlary, awtomobilleri, oba hojalyk önümlerini we azyk önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny hem-de keselleriň öňüni almak we saglygy goramak üçin harytlary öz içine alýar. Täze tehnologiýalary görkezmek, autsorsing, dizaýn, medeniýet we bilim, syýahatçylyk we beýleki hyzmatlar üçin hem meýdançalar hödürlenilýär.

Şeýle-de IMPORT EXPO-nyň çäklerinde kärhanalaryň harytlarynyň ýarmarkasy geçiriler.

CIIE sergisini geçirmek başlangyjy 2017-nji ýylyň maý aýynda Pekinde geçirilen “Bir guşak – bir ýol” halkara hyzmatdaşlyk forumynda HHR-niň wekili Si Szinpin 2018-nji ýyldan başlap, Şanhaýda import harytlarynyň halkara sergisini yzygiderli geçirmek hakynda teklip berende döredi.

Geçen ýyl ikinji gezek geçirilen CIIE–2019 sergisine türkmen wekiliýeti hem gatnaşypdy.