Türkmenistan we AÖB desgalary maliýeleşdirmek boýunça maslahat etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we AÖB desgalary maliýeleşdirmek boýunça maslahat etdiler
Taraplar wideomaslahatda halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ünsi çekdiler.

Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda duşenbe güni wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Wideoduşuşyga ýurduň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinleriň Manila şäherinde ýerleşýän Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-niň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Bu babatda taraplar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň we AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Wideoduşuşyga gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we AÖB-niň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy. Geçen döwrüň içinde AÖB Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we sebitleýin baglaryny berkitmäge goldaw berdi.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama 150 million dollarlyk karz bermegi, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr geçelgelerine, eksport ugurlaryna we hususyýetçiligi ösdürmegi maksat edinýän taslamalara 690 million ABŞ dollary möçberinde maliýe goldawyny bermegi öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022