Türkmenistanda gowaça ekişligi telematik usulda dolandyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gowaça ekişligi telematik usulda dolandyrylýar
Türkmenistanda dowam edýän gowaça ekişligi sanly tehnologiýalar we telematik ulgamy arkaly dolandyrmaga esaslanýar.

Häzirki günlerde Türkmenistanda dowam edýän gowaça ekiş möwsüminiň mehanizmleşdirilen işlerine ornaşdyrylan sanly ulgam bu ekerançylyk işini sanly tehnologiýalar we telematik ulgamy arkaly dolandyrmaga esaslanýar.

Bu usulyň şu ýylyň gowaça ekiş möwsüminde tutuş ýurt boýunça ornaşdyrylmagy geçen ýyl Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda üstünlikli geçirilen synag işleriniň netijesine daýanylyp amala aşyrylýar. Gyzgalaňly möwsümiň mehanizmleşdirilen işlerinde sanly ulgamyň resminama işleriniň, ýagny sanly telematik ulgamyň peýdalanylmagy ýerleri gowaça ekişine taýýarlamakda, takyk ekiş geçirmekde ýokary netijeleri berýär.

Şeýle-de bu usul gowaçalaryň hatar ara bejeriş işlerini ýokary hilli hem-de takyk ýerine ýetirmekde, gowaçany ösdürip ýetişdirmekde el işleriniň azalmagyna, mysal üçin otag we ýekeleme işleriniň ep-esli ýeňilleşmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan hem, gowaça ekişiniň öň ýanynda köp ugurly traktorlaryň we ekijileriň ýurda getirilmegi netijesinde bu usul welaýatlarda giňden önümçilige ornaşdyryldy.

Sanly telematik ulgamynyň merkezi dolandyryş bölümi Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda döredildi, galyberse-de, welaýatlarda dolandyryş merkezi, etraplarda bolsa, ýerli gözegçilik nokatlary döredildi. Bu ýerde oba hojalyk teklipleri boýunça geçirilýän tehniki hyzmatdaşlygyň meýilleşdirilmegine we tehnikalarda näsazlyklar ýüze çykan ýagdaýynda gysga wagtda anyklaýyş we abatlaýyş işlerini geçirmeklige mümkinçilik berilýär.

Önümçilik işlerini ýerine ýetirmek üçin tehnikalara alyş-çalşyklary bermek boýunça ýer eýesiniň, dolandyryş merkeziniň we tehnikanyň arasynda sazlaşykly arabaglanyşyk ýola goýulýar. Ýagny, ýer eýesiniň buýurmasy, ýerli gözegçilik nokatlarynyň, welaýat dolandyryş merkezleriniň üsti bilen tehnikalara internet arkaly iberilýän şu günki ýerine ýetirilen işleriň netijesi baradaky hasabatlar merkezi dolandyryjy bölüme iberilýär. Bu bolsa, tehnikalaryň boş işleýän wagtyny gysgaltmaga, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmagyň esasy maksady ýurduň ekerançylyk pudagynyň innowasion ösüşini üpjün etmekden, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden, ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda takyk işläp bejermekden, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanmakdan, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan hemem önümçilikde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň ýokary iş öndürijiligini we ygtybarlylygyny gazanmakdan, şeýle-de pudakda sanly ulgam esasynda işlejek hünärmenleriň, mehanizatorlaryň hünär derejelerini yzygider kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Şeýle-de oba hojalyk tehnikalarynyň ýerine ýetirýän işlerini anyk maglumatlaşdyrmaga hemem şol hasabatyň alnyp barylyşyny kämilleşdirmäge, oba hojalyk tehnikalarynyň iş wagtynda ýüze çykýan näsazlyklaryny anyklamaga we gysga wagtda abatlamaga, tehnikalaryň ýangyç we çalgy ýaglaryny harçlanyşynyň anyk hasabatynyň ýöredilmegini gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ekerançylyk pudagynda ýerine ýetirilen mehanizmleşdirilen işleriň maglumatlarynyň merkezleşdirilen görnüşde toplanylmagyna, saklanylmagyna, seljerilmegine we gaýtadan işlenilmegine hem-de onuň alnyp barylýan gündelik önümçilik işlerini talabalaýyk alyp barmakda amaly taýdan ygtybarly esas bolup durýar.

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi mart aýynyň ahyrynda badalga aldy. Şu ýyl 620 müň gektar meýdana gowaça ekiler.

2022