Türkmenistan ABŞ kompaniýalary bilen $3,5 milliardlyk 167 taslamany durmuşa geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ABŞ kompaniýalary bilen $3,5 milliardlyk 167 taslamany durmuşa geçirdi
“Türkmenistan – ABŞ” Işewürler Geňeşi 2008-nji ýylda döredildi.

Soňky 25 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen bilelikde 3,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 167 sany şertnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirdi. Bu taslamalar elektroenergetika, raýat awiasiýasy, howa-älem ulgamy, oba hojalygy, gurluşyk-ýol tehnikalarynyň satyn alynmagy we strategiki taýdan ähmiýetli bolan beýleki ençeme pudaklary öz içine alýar diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy bu taslamalara degişli tölegleriň buýuryjy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň hususy pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylandygyny aýdyp, soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistana ABŞ tarapyndan köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi barada soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykan habarlaryň nädogrudygyny nygtady.

Türkmen DIM-i öz beýanatynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklady.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasyndaky täjirçilik we söwda gatnaşyklaryna goldaw bermek maksady bilen, ABŞ-da “Türkmenistan – ABŞ” Işewürler Geňeşi hem hereket edýär. 2008-nji ýyldan döredilen bu geňeşiň düzümine “John Deere”, “Boeing”, “Oxbow”, “Caterpillar” we “General Electric” ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň birnäçesi girýär.