“Apple” wirtual giňişlik kompaniýasyny $100 milliona satyn almakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” wirtual giňişlik kompaniýasyny $100 milliona satyn almakçy
“NextVR Inc.” kompaniýasy sport, aýdym-saz we güýmenje bilen wirtual giňişligi birleşdirýän VR enjamlarynda göni wakalara tomaşa etmek üçin VR tejribelerini hödürleýän kompaniýadyr.

Amerikanyň transmilli “Apple” kompaniýasy sport oýunlary we aýdym-saz çykyşlary ýaly wakalara esaslanyp, wirtual giňişligi (VR) wideomazmunyny döretmäge ýöriteleşen “NextVR Inc.” kompaniýasyny satyn almakçy bolýar. Bu barada “9to5mac” saýtynda habar berilýär.

Kaliforniýada ýerleşýän “NextVR Inc.” kompaniýasy sport, aýdym-saz we güýmenje bilen wirtual giňişligi birleşdirýän “PlayStation”, “HTC”, “Oculus”, “Google”, “Microsoft” we beýleki öndürijilerden VR enjamlarynda göni wakalara tomaşa etmek üçin VR tejribelerini hödürleýän kompaniýadyr.

Habara görä, kompaniýa $100 milliondan ybarat bolmagy çaklanylýan şertnama baglaşmak boýunça gepleşikler geçirýär. “Apple”-iň satyn almakdaky sebäpleriniň biri hem “NextVR” tehnologiýasynyň patentleri bolmagy mümkindir. Kompaniýada göni ýaýlymdaky wideonyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän VR tehnologiýalarynyň 40-dan gowrak patentiniň bardygy aýdylýar.

“NextVR” kompaniýasy öz saýtynda NBA, “Wimbledon”, “Fox Sports”, Moskwa baleti we beýlekiler bilen gatnaşyklary ýola goýandygyny ýazýar.

Edara binasy Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän “Apple Inc.” ýer ýüzündäki iň köp girdeji gazanýan iri tehnologiýa kompaniýalarynyň biridir. “IPhone” öndürijisi geçen ýyl $260 milliarddan gowrak girdeji gazanandygyny habar berdi.