Türkmenistan bilen BMG birinji çärýegi jemledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BMG birinji çärýegi jemledi
Duşuşyk pikir alyş-çalşygy görnüşde we konstruktiw dialog ýagdaýda geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni ýurtda akkreditirlenen BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen şu ýylyň birinji çärýeginde edilen işleriň netijeleri jemlendi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyk pikir alyş-çalşygy görnüşde we konstruktiw dialog ýagdaýda geçdi.

Şeýle-de pikir alyşmalaryň barşynda geljekki döwürde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylyşy maslahat edildi.

Hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti hakynda belläp, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulan mehanizmi hakynda aýdyp, taraplar amaly işiň esasy bolup durýan käbir resminamalary, hususan-da, şu ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022