HGI-de wideogepleşik: türkmen we gruzin taraplary ulag ulgamyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
HGI-de wideogepleşik: türkmen we gruzin taraplary ulag ulgamyny maslahatlaşdylar
Wideomaslahata gatnaşyjylar ulag ulgamynyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini bellediler.

Türkmen we gruzin tarapynyň penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (HGI) geçiren wideogepleşiginde ulag ulgamy boýunça pikir alşyldy.

Bu çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ulag ulgamy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. “Bu özara hyzmatdaşlyk, taraplaryň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky garaýyşlarynyň gabat gelmegine esaslanýar” diýip, wideogepleşige gatnaşyjylar bellediler.

Şeýle hem hereket edýän we meýilleşdirilen ulag geçelgeleri, Ýewropanyň portlaryna ýükleri ibermegiň mümkinçilikleri, şu güne çenli edilen işler hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-iň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gruzin tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary we Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.

Iki ýurduň wekilleriniň onlaýn gepleşikler 2-nji aprelde hem geçirilipdi. Şol gepleşikde taraplar logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygy barada aýdyp, ýük daşamak, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri, degişli edaralar tarapyndan özara hasaplaşyklary geçirmek ugrunda nyrh emele getirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.

2022