Wideokonferensiýa görnüşinde anna güni geçen Türki geňeşiň sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, döwletleriň arasyndaky ulag aragatnaşygynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça geçirilen bu sammit Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Baştutanlaryny jemledi. Şeýle-de bu maslahata Wengriýanyň Premýer-ministri hem-de Bütindünýä saglyk guramasynyň baş sekretary gatnaşdylar.
Ýurt Baştutany “Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşyklaryň yzygiderli dowam etmegini üpjün etmek, özara alyş-çalyşyň we üstaşyr gatnawyň ygtybarly ulgamlaryny goldamak üçin zerur işleri alyp barýar” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda giň geoykdysady ýük akymlaryny üpjün edýän iň möhüm transport ugrunyň – gämi gatnawynyň dowam edýändigini aýtdy.
“Sebitdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň kadaly işlemegini üpjün edýär” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle-de ýurt Baştutany pandemiýanyň ýüze çykyp başlan wagtyndan başlap, Türkmenistanda öňüni almaga gönükdirilen çäreler toplumy öz wagtynda kabul edilendigini aýdyp, serhet, migrasiýa we gümrük gözlegleriniň güýçlendirilendigini we daşary ýurtlar bilen howa aragatnaşygyna çäklendirmeleriň girizilendigini nygtady.
Türkmen Lideri çykyşynyň ahyrynda gatnaşyjylara ýurtlaryndaky Türkmenistanyň raýatlaryna edýän aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Bütindünýä saglyk guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom anna güni “Twitter” hasabynda Türki geňeşiň Liderlerine goldawlary üçin hoşallyk bildirip, bu umumy howpy bilelikde ýeňip geçjekdigini aýtdy.