HPG-niň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy bilen ykdysady meseleler maslahat edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG-niň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy bilen ykdysady meseleler maslahat edildi
Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda anna güni Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine seredip geçdiler. Şeýle-de wideomaslahatda dünýädäki makroykdysady ýagdaýyň ösüşine baha berildi hem-de geljekki özara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alşyldy.

Wideomaslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy.

HPG-niň Türkmenistan boýunça wekiliýeti Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygynda 5-12-nji noýabr aralygynda Aşgabatda iş saparynda bolupdy.

Türkmenistan Halkara pul gaznasyna 1992-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda agza boldy. 

2022