Fransuz kompaniýasy plastigi gaýtadan işlemegiň täze usulyny taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz kompaniýasy plastigi gaýtadan işlemegiň täze usulyny taýýarlady
Täze ferment plastik çüýşeleri dargatmagy hem-de alnan materialy gaýtadan ulanmak üçin ýaramly etmegi aňsatlaşdyrar.

Plastmassa öndürýän “Carbios” fransuz kompaniýasynyň alymlary düzüminde görnüşini üýtgeden bakteriýa bolan fermenti döretdiler. Bu madda birnäçe sagadyň dowamynda plastik çüýşeleri dargatmaga hem-de alnan materialy gaýtadan ulanmak üçin ýaramly etmäge ukyplydyr.

Kompaniýanyň barlag geçirijileri şol plastigiň 90%-ni deslapky görnüşe getirip bilýän fermenti işläp taýýarlandyklaryny habar berdiler. Gaýtadan işlemegiň bar bolan tehnologiýalary adatça geýim we haly öndürmäge ýaramly bolan plastigi çykarýar.

Täze ferment “Nature” atly meşhur ylmy žurnalyň aprel aýyndaky sanynda çap edilen barlaglarda mälim edildi. Barlag 100 müň sany mikro bedenjikleri gözden geçirmekden başlandy. “Işe ýaramly dalaşgärleriň” arasynda organiki döküniň düzüminde saklanýan bakteriýa hem bardyr. Bu bakteriýa 2012-nji ýylda ýüze çykaryldy.

Topar 1 tonna plastik çüýşeleri dargatmak üçin iň amatly fermenti ulandy. Netijede, çüýşeleriň 90%-i 10 sagadyň dowamynda bölündi. Ozal birnäçe hepdeläp dowam eden bu prosesiň netijesinde bary-ýogy 1%-ni gaýtadan işlemäge taýýar hala getirip bolýardy. Soňra alymlar bu materialy iýmit senagaty üçin ýaramly täze gaplary döretmek üçin ulandy.

Açyş eden “Carbios” kompaniýasy geljekki 5 ýylyň dowamynda senagat möçberinde plastigi gaýtadan işlemekçi. Oýlap tapyşy rowaçlandyrmak üçin kompaniýa “Pepsi” we “L’Oréal” ýaly iri korporasiýalar bilen hyzmatdaşlyga başlady.

Kompaniýanyň bellemegine görä, hödürlenýän usul “zyýansyz ykdysadyýete hakyky geçişiň başyny başlaýar hem-de ummanlarymyzyň we Ýeriň plastik bilen hapalanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer”.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýyldan bäri her ýyl 300 million tonna çenli plastik galyndylar zyňylýar. Milletler bileleşigi 1950-nji ýyllardan başlap bütin dünýäde 8 milliard tonnadan gowrak plastmassa öndürilýändigini, onuň 60%-e golaýy ýa zir-zibile, ýa tebigy gurşawa taşlanýandygyny aýdýar.

2022