Lebap welaýatynyň Malaý gaz ýatagynda gurluşygy alnyp barylýan güýçlendiriji kompressor bekedinde (GKB) ulanyşa girizmek işleri geçirilýär. GKB-niň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyplydyr.
Desganyň infrastrukturasynyň düzümine gaz güýçlendiriji bekediniň “A” we “B” bloklary girýär. Şeýle-de bu ýerde dolandyryş we tehniki hem-de ýapyk kommutator nokatlary ýerleşdirilendir.
2018-nji ýylda türkmen tebigy gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Petro Gas LLP” britan kompaniýasynyň arasynda infrastruktura aragatnaşyk desgasynyň gurluşygy boýunça şertnama baglaşyldy.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin 672,6 million manatdan gowrak pul serişdesi bölünip berildi. Häzirki wagtda taslama resminamasyna laýyklykda baş potratçy tarapyndan serişdeleriň we enjamlaryň 95% -den gowragy üpjün edildi, ulanyşa girizmek işleri onuň 5%-i düzýär.
Malaý gaz ýatagynda ulanyşa giriziljek täze güýçlendiriji kompressor bekediniň “mawy ýangyjyň” eksport mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigine garaşylýar.