Türkmenistanda BMG-niň ulag ulgamynyň resminalaryna goşulmak meselesine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda BMG-niň ulag ulgamynyň resminalaryna goşulmak meselesine garaldy
Duşuşyga Türkmenistanyň edaralarynyň wekilleri we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň hem-de beýleki ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri bilen bir hatarda, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ulag we ýük daşamak ulgamynda birnäçe halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesine çekildi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ähmiýeti barada hem belläp geçdiler.

Türkmenistanyň ulag we ýük daşamak ulgamy boýunça halkara resminamalaryna goşulmagynyň sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki ösüşine uly goşant goşjakdygyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022