Täze fider görnüşli gämi gatnawy Türkiýäniň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky trans-logistika hyzmatlaryna koronawirus ýokanjynyň ýetirýän täsirini azaltmak boýunça tagallalaryň çäklerinde Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz söwda portunyň we Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda duşenbe güni hereket edip başlady.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ we “Azerbaýjan demir ýollary” ÝPJ-niň golçur kärhanasy bolan “ADY Contаiner” APJ-i sygymlylygy 120 TEU bolan Türkmen deňiz söwda flotuna degişli “Balkan” gämisi arkaly amala aşyryljak gatnawlaryň operatorlary bolup durýarlar.
“ADY Container” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Natig Jafarowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň üsti bilen amala aşyryljak ýük daşamalaryna gatnaşmak üçin niýetlenen fider gämisi hepdede bir gezek gatnar. Ýükleriň möçberiniň artyşyna laýyklap, gämini hepdede iki gezek hem ulanmaga mümkinçilik dörediler.
“Azerbaýjan demir ýollarynyň” habar berşi ýaly, fider gämisiniň gatnawynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde ýük ulaglarynda Türkiýeden getirilýän ýük konteýnerlere geçirilip, 13-nji aprelde fidere ýüklendi. Gäminiň Türkmenbaşy portuna jemi 62 konteýneri, şol sanda 20, 40 we 45 futluk ýük konteýnerleri getirildi. Olaryň 40 sanysy Türkmenistanyň üsti bilen Özbekistana tranzit geçerler.
Soňky tapgyrda ýükler otlular arkaly Stambulyň Derinje portundan we Ortaýer deňziniň kenaryndaky Mersin portundan Baku portuna getiriler, ol ýerden bolsa Merkezi Aziýa ugradylar.
“Häzirlikçe bu gämileriň ulanylyşy pandemiýanyň ýük daşamalar ulgamyna ýaramaz täsirini azaltmak üçin çäre bolup durýar. Geljekde konteýnerlere ýerleşdirmek işi dowam etdigiçe gämileriň yzygiderli häsiýetde gatnamagy mümkin” diýip, “ADY Container”-yň ýolbaşçysy sözüni ýetirdi.
Anna güni wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki geňeşiň nobatdan daşary sammitiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we ulag boýunça gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtapdy.