Aşgabatda Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselesine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselesine seredildi
Toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Toparyň mejlisiniň dowamynda ýurduň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar.

Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli ulgamlardyr. Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilenden soň, döwlete ähli halkara guramalarynyň has amatly şertleri degişli bolýar, ykdysady ýeňillikler berilýär.

Şeýlelikde, BSG-ä girmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir.

Halkara söwdasyny ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen 1995-nji ýylda döredilen BSG täze söwda ylalaşyklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň gürrüňi edilýän halkara düzümine girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň iýul aýynda ýörite hökümet topary döredilipdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022