HSB bilen Türkmenistan wirtual sergini guramagy onlaýn maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
HSB bilen Türkmenistan wirtual sergini guramagy onlaýn maslahatlaşdylar
Onlaýn-gepleşikde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň (HSB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de Dubaýda geçiriljek EKSPO halkara sergisiniň ähmiýetini bellediler.

Onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler.

Gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi.

Bu şeýle hem halkara işewür toparlary Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, senagatlaşdyrmak işiniň hem-de ýurdumyzyň senagatyny we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň netijeleri bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.

Ýurduň pudaklarynyň we hususy kärhanalarynyň önümleriniň yzygiderli hereket edýän onlaýn-sergilerini döretmek meseleleri 10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Şeýle hem D.Kerkentzes şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Halkara sergiler býurosy 1928-nji ýylda Parižde esaslandyryldy. Gurama häzirki wagtda 170 ýurt agza bolup durýar.

Türkmenistan Halkara sergiler býurosyna 2012-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda agza boldy.