Azerbaýjan Transhazar optiki-süýümli kabeli çekmek hakyndaky ylalaşygy tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan Transhazar optiki-süýümli kabeli çekmek hakyndaky ylalaşygy tassyklady
Kabel ulgamy Hazar deňziniň düýbünden Siýazan we Türkmenbaşy geografik nokatlarynyň arasynda çekiler.

Azerbaýjan öz ýurdunyň we Türkmenistanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden baş fiber-optiki kabel ulgamyny çekmek hakynda döwletara ylalaşygyny tassyklady. Bu barada “Trend” çarşenbe güni habar berdi.

“Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Azerbaýjan–Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bilelikde gurulmagyna, eýelik edilmegine we ulanylmagyna ýardam etmek hakynda” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda gol çekilen döwletara ylalaşygy Azerbaýjanyň parlamenti tarapyndan tassyklanyp, ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Döwletara ylalaşygyna laýyklykda, baş fiber-optiki kabel ulgamynyň (Transhazar fiber optiki kabel ulgamy) taslamasyny Azerbaýjan tarapyndan “AzerTelecom” kompaniýasy, Türkmenistan tarapyndan bolsa, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy durmuşa geçirer. Kabel ulgamy Siýazan we Türkmenbaşy geografik nokatlarynyň arasynda çekiler.

Uzynlygy 300 km boljak kabel ulgamy 2-4 terabit/s möçberde maglumaty geçirmäge mümkinçilik berer we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň arasynda “Sanly Ýüpek Ýoluny” emele getirer. Baş ulgam Ýewropadan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana, soňra Özbegistana, Owganystana, Pakistana we Hindistana internet-trafigini geçirer.

Türkmenistanyň çäklerinden Trans-Aziýa-Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometr uzynlygyndaky bölegi geçýär.

Häzirki gün Türkmenistan Aşgabat – Bajigiran (Eýran), Serhetabat – Hyrat (Owganystan), Ymamnazar – Akina (Owganystan), Türkmenabat – Buhara (Özbegistan) we Garabogaz – Fetisow (Gazagystan) ugurlary boýunça optiki-süýümli baş halkara aragatnaşyk ulgamynyň bäş sanysyna eýedir.

2022