Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunda ýük gatnawynyň 50% ýokarlanmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunda ýük gatnawynyň 50% ýokarlanmagyna garaşylýar
Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi 826 kilometre barabar bolup, ol Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň ulgamlaryna birikýär.

Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýol ulgamynda ýük gatnawynyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, şu ýyl 50% ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada penşenbe güni “Azerbaýjan demir ýollary” ÝPJ-niň ýük-transport bölüminiň ýolbaşçysy Emil Ahmedowa salgylanyp, ýurduň “Report” agentligi habar berdi.

Bölüm müdiri geçen ýylyň ilkinji 100 gününde BTK demir ýol ulgamynda 20 fut ölçegindäki 1,266 konteýneriň daşalandygyny we 2020-nji ýylyň ilkinji 100 gününde bu sanyň 1,488-e çenli artandygyny aýtdy.

“2019-njy ýylda 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 20 fut ölçegindäki konteýnerde ýük daşamagyň mukdary 43% ýokarlandy. Wagon arkaly daşalan ýükleri deňeşdirsek, 2019-njy ýylyň ilkinji üç aýynda 611 wagon - 40 müň tonna daşalan bolsa, 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda bu görkeziji 1,572 wagona - 70 müň tonna çenli ýokarlandy” diýip, Ahmedow belledi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda açylan Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi 826 kilometre barabar bolup, ol Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň ulgamlaryna birikýär.

Taslama diňe bir üç ýurdy däl, eýsem, Angliýa, Fransiýa, Belgiýa, Germaniýa, Awstriýa, Wengriýa, Serbiýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Hytaý ýaly döwletleri hem birleşdirýär.

2022