Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni “Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.
Türkmenistanyň bu ugurda esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde birnäçe uzakmöhletli taslamalar, şol sanda “ÝB – Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk” taslamasy amala aşyrylýar. Onuň baş maksady sebitde Ýewropa Bileleşiginiň ülňüleri esasynda bu meseleleri çözmek boýunça netijeli syýasaty kemala getirmekdir.
Bu gezekki wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary “ÝB – Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk” taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
“Galyndylar hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna kadalaşdyryş namalaryny taýýarlamak, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň Tokaý kadastryny taýýarlamak, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny guramak geçirilen pikir alyşmalaryň özenini düzdi.
Onlaýn-duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny şertlendirýän geňeşmeleriň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny nygtadylar.
Duşuşyga Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.