Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen Türkmenistan okuw gollanmalaryny taýýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen Türkmenistan okuw gollanmalaryny taýýarlar
Maslahatda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny we intellektual eýeçilik bilen bagly meselelere seredildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) halkara bilermenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň başynda, BIEG-niň bilermenleri Türkmenistanyň jemgyýetiň bähbitlerine, ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen, döredijilik işini we innowasiýalary höweslendirýändigi barada bellediler.

Maslahatyň dowamynda BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, şeýle-de sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Çykyş edenler uzak aralykdan geçirilýän okuwlaryň giňden ýaýran usuldygyny belläp, bilim maksatnamalaryny taýýarlamakda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we bu ugur boýunça degişli okuw gollanmalaryny taýýarlamakda Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup, onuň bilen köpugurly hyzmatdaşlyk saklap gelýär.

2022