Türkmenbaşy portunyň üstaşyr geçirmek kuwwaty artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy portunyň üstaşyr geçirmek kuwwaty artdyrylýar
Üstaşyr ýük daşamagyň aglaba bölegi Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty – Özbegistan ugry boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirmek kuwwatyny has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine garalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçiren nobatdaky mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezow ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer Öwezow ýük dolanyşygyny artdyrmak we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli işlere seljeriş geçirilendigini aýtdy. 

Seljerişde üstaşyr ýük daşamagyň aglaba böleginiň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty – Özbegistan ugry boýunça, Altyn asyr (Etrek) – Gazagystan ugry boýunça hem-de beýleki üstaşyr ugurlar boýunça amala aşyrylýandygy kesgitlenildi.

Döwlet Baştutany dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günorta” ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmegiň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Türkmen Lideri tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşalyşynyň artmagy üçin mümkinçilikleri ep-esli ýokarlandyrýan gämi we port hojalygynyň möhüm wezipeleri ýerine ýetirýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri häzirki hem-de geljekde ýokary hilli tekliplere we ýokary derejeli hyzmatlara boljak islegleri kanagatlandyryp bilýär” diýip belläp, onuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymyň ýük daşalyşynyň logistiki halkalarynda strategik üýtgeşmelere getirip biljekdigini aýtdy.

2022