Türkmenbaşy porty täze programma arkaly goňşy kenarlara baglanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy porty täze programma arkaly goňşy kenarlara baglanar
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň deňiz kenaryndaky iň esasy ýük we ýolagçy menzilidir.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda goňşy ýurtlaryň portlary bilen integrirlenen “Tos” programmasy işlenip taýýarlanýar.

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki portunyň Maglumat ulgamlary bölüminiň hünärmeni Hudaýberdi Saparowyň aýtmagyna görä, bu programma gämileriň resminamalaryny alyş-çalyş etmek üçin niýetlenýär.

“Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem beýleki ulgamlar bilen bir hatarda sanly ulgama geçýär. Portuň terminallary täze programmalar arkaly dolandyrylar” diýip, Saparow belledi. “Bu programma goňşy ýurtlaryň portlary bilen integrirlenen aragatnaşygy ýola goýmak hem-de porta gelen ýükleri ýüklemek we düşürmek işlerini sanlaşdyrmak üçin niýetlenendir”.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu programma esasynda, şol bir wagtyň özünde, ýük işleri boýunça maglumatlary ýerleşdirmek arkaly wagty tygşytly ulanmaga we işleri bökdençsiz dowam etmäge mümkinçilik alyp bolar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň deňiz kenaryndaky iň esasy ýük we ýolagçy menzilidir. Ol Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýär. Adaty gatnawlar Azerbaýjanyň Baku şäherine, Gazagystanyň Aktau şäherine we Russiýanyň Astrahan şäherine barýar.