Mugtdan hem arzan: WTI nebit şertnamasynyň bahasy minusy gördi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mugtdan hem arzan: WTI nebit şertnamasynyň bahasy minusy gördi
Nebit çig maldyr, ol aksiýa bahasy däldir. Geljek üçin şertnamalaryň (Futures) bolsa gowşurylyş möhleti bar.

Dünýäde "gara altyna" bolan talabyň juda azalmagy bilen, möhletleýin nebit şertnamalarynyň bahasy duşenbe güni taryhda ilkinji gezek minusa düşdi.

Nebitiň bahasynyň sişenbe güni möhleti dolýan maý aýy üçin Günbatar Tehas nebitinde (WTI) minusa düşmegi satyjylaryň öz ellerindäki nebitden dynmak üçin alyjylara pul tölemegini aňladýar. Koronawirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetini halys tapdan düşürmegi bazarda çig nebitiň çogmagyna getirdi. Amerikan ýangyç kompaniýalarynyň ammarlarynyň dolmagy bilen bolsa, nebiti saklara ýer galmady. Netijede, möhleti has golaýlan nebit şertnamalaryny satyn almaga hiç kim isleg bildirenok.

Duşenbe güni ýüze çykan tehniki geň-taňlyk netijesinde negatiw zona geçiş ysgyndan gaçan nebit bazarynyň real ýagdaýyny görkezmeýär. Sişenbe güni möhleti dolýan maý şertnamasynyň bahasy iýun aýynyň şertnama bahasyndan arany açdy. Aradaky tapawut 20 ABŞ dollary bilen taryhdaky iň ýokary derejä çykdy. Iýun aýynyň şertnama bahasy duşenbe güni 12 göterim pese gaçyp, 22.05 ABŞ dollaryna geldi.

Maý aýy üçin çig nebit şertnamalarynyň bahasy 1946-njy ýyldan bäri görlen iň pes bahadan hem aşak düşüp, öz gymmatyny doly ýitirdi. WTI nebiti ýerlenýän birža nebit şertnamasynyň bahasynyň minusa düşüp biljekdigini mälim etdi. Bu çakdanaşa hereket ABŞ-nyň nebit bazarynyň nähili çogandygyny görkezýär. Ekspertler OPEC+ koalisiýasynyň bir hepde mundan öň önümçiligi görlüp-eşidilmedik derejede gysmagynyň, global talabyň üçden bir böleginiň çekilmeginden soň, giç alnan karardygyny belleýärler.

Maý şertnamasynyň alyjylary önümiň fiziki taýdan gowşurylmagyny talap edýän nebit arassalaýjy zawodlar bilen howa ýollary kompaniýalaryndan ybaratdyr. Emma ammarlary dolandygy sebäpli, bu edaralar hem häzir nebite mätäçlik çekenoklar.

Nýu-Ýork biržasynda maýda gowşuryljak WTI minus 40.32 ABŞ dollaryna çenli pese gaçandan soň, minus 37.63 ABŞ dollary bilen ýapyldy. Bu bolsa, 1946-njy ýyldan soň hasaba alnan aýlyk görkezijiler hem göz öňünde tutulanda, taryhdaky iň pes baha bolup durýar. Brent nebitiniň bahasy 8.9 göterim yza gaýdyp, bir barreli 25.57 ABŞ dollaryna düşdi.

Nebit çig maldyr, ol aksiýa däldir. Geljek üçin şertnamalaryň (Futures) bolsa gowşurylyş möhleti bar. Maý şertnamalarynyň söwdasy duşenbe güni tamamlandy. Iýun aýynyň şertnamasy 20 ABŞ dollaryna golaý bahadan satylýar. Şonuň üçin, sişenbe güni nebitiň bahasy "jadylanyp", 20 ABŞ dollaryndan ýokarda satylyp başlanar.

2022