Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasy sişenbe güni Ürgenç döwlet uniwersitetiniň wekilleri we ol ýerde bilim alýan türkmen talyplary bilen wideo-duşuşyk gurnady.
Onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow we ilçihananyň diplomatlary, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Bahrom Abdullaýew, prorektorlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Diplomat gepleşigiň başynda Özbegistanyň hökümetine we ýokary okuw mekdebiniň rektoryna COVID-19 keseliniň ýüze çykmagy zerarly türkmen talyplaryna karantina şertlerinde galmaga we uzakdan okamaga şert döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Wideomaslahatyň dowamynda ilçi iki ýurduň Baştutanlarynyň türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary barada hem aýtdy.
Uniwersitetiň rektory türkmen talyplary üçin döredilen şertler dogrusynda durup geçip, Ýokary we orta hünär bilimi ministrliginiň hem-de rektorlygyň pandemiýa döwründe olaryň Özbegistanyň çäginde bolmaklary üçin netijeli işleri alyp barjakdyklaryny belledi.
Şeýle-de, wideo-gepleşikleriň barşynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada pikir alyşyldy.